2021-nji Ýylda-da Maksatlara Tarap Okgunly Hereket Edip, Türkiýe Üçin Işläris

Prezident Erdogan 2021-nji ýylda-da elmydama bolşy ýaly maksatlara tarap egilşiksiz hereket edip, Türkiýe üçin işlejekdiklerini beýan etdi

1555640
2021-nji Ýylda-da Maksatlara Tarap Okgunly Hereket Edip, Türkiýe Üçin Işläris

Prezident R.T.Erdogan 2021-nji ýylda-da elmydama bolşy ýaly maksatlara tarap egilşiksiz hereket edip, Türkiýe üçin işlejekdiklerini beýan etdi

Prezident Erdogan Twitter hasabyndan beren habarnamasynda koronawirusyň täsirinde geçen 2020-nji ýylda saglygy saklaýyş pudagynyň başda durmagynda ençeme ugurda möhüm taslamalary we hyzmatlary milletiň ulanmagyna berendiklerini beýan etdi.

2021-nji ýylda-da elmymda bolşy ýaly maskatlara tarap okgunly we egilşiksiz hereket etjekdiklerini nygtan Erdogan: “Türkiýe üçin arman-ýadaman işläris” diýip ýazdy.

Erdogan habarnamasynda “2020-nji ýylda nämeler etdik?” söz başysy bilen: “40 million bag oturmak”, “Prezidentiň ýanyndaky Millet kitaphanasy”,” Aýasofýa Metjidiniň açylyşy”, “Gara deňizde 405 milliard m3 tebigy gaz”, bilen “resmi saparlar”, “binalar”, “fabrikler”, “desgalar”, “elektrik beketleri”, “hassahanalar”, “transport”, “bentler we suw howdanlary”, “tehnologiýa”, “taslamalar”, “medeniýet we sungat”, “ýurduň içinde iş saparlary”, “sosial we söwda goldawlary, kömekler” boýunça edilen işler hakynda maglumatlara orun berildi.



Degişli Habarlar