Hakkari welaýatynda harsaň sebäpli şehit bolan esgerleriň sany ikä ýetdi

Hakkari welaýatynyň Şemdinli etrabynda harsaň sebäpli garyň aşagynda galan beýleki esgeriň hem jesedi tapyldy we şeýlelik bilen şehit bolan esgerleriň sany 2-ä ýetdi

1553075
Hakkari welaýatynda harsaň sebäpli şehit bolan esgerleriň sany ikä ýetdi

Hakkari welaýatynyň Şemdinli etrabynda ýerleşýän serhet birikmesine barýan ýoluň gar sebäpli ýapylan böleginiň açylmagy üçin düýn harby ulaglary bilen arassalaýyş işlerini geçiren esgerler harsaň sebäpli garyň aşagynda galypdylar.

Esgerleriň biriniň jesedi düýn gözleg işlerinň netijesinde tapylypdy, ýene-de bir esgeriň jesedi bolsa şu gün irden ýaňadandan başladylan gözleg işleriniň netijesinde tapyldy. 

Gözleg we halas ediş işlerine uçarmansyz howa ulagy, Hakkari, Wan we Erzurum welaýatlarynyň AFAD toparlar, Žandarma güýçleriniň gözleg we halas ediş topary, desant güýçler we serhet birikmedäki harbylar gatnaşdylar. 

Detektor itleriň hem ulanylan gözleg işlerinde harsaň sebäpli garyň aşagynda galan beýleki esgeriň hem jesedi tapyldy. 



Degişli Habarlar