Parahatçylyk Çeşmesi sebitinde PKK/ÝPG-e agza 2 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Siriýada Parahatçylyk Çeşmesi operasiýasy sebitinde ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-e agza 2 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

1547818
Parahatçylyk Çeşmesi sebitinde PKK/ÝPG-e agza 2 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrliginiň sosial media hasabyndan berilen beýanatda, terrorçylaryň Parahatçylyk Çeşmesi sebitine hüjüm gurandyklary habar berildi. 

Beýanatda: "Asudalyk we howpsuzlyk gurşawyny bozmak maksady bilen Parahatçylyk Çeşmesi sebitine hüjüm guran PKK/ÝPG-e agza 2 terrorçy, desant güýçlerimiziň üstünlikli operasiýasy bilen täsirsiz ýagdaýa getirildi" diýip habar berildi. 



Degişli Habarlar