Ýewfrat Galkany sebitinde PKK/ÝPG-e agza 4 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Siriýada Ýewfrat Galkany sebitinde ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-e agza ýene-de 4 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

1545693
Ýewfrat Galkany sebitinde PKK/ÝPG-e agza 4 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrliginden berilen beýanatda, terrorçylaryň Ýewfrat Galkany sebitine girmäge synanyşandyklary mälim edildi. 

Beýanatda: "Durnuklylyk we howpsuzlyk gurşawyny bozmak üçin Ýewfrat Galkany sebitine girmäge çalyşan PKK/ÝPG-e agza 4 terrorçy, gahryman desant güýçlerimiz tarapyndan geçirilen üstünlikli operasiýa bilen täsirsiz ýagdaýa getirildi" diýip habar berildi. 

 

Beýleki tarapdan, PKK-dan gaçan ýene-de 1 terrorçy howpsuzlyk güýçlerine boýun egdi. 

Içeri işler ministrliginden berilen beýanata görä, ministrligiň koordinasiýasy esasynda Içeri işler edarasy tarapyndan edilýän tagallalar dowam edýär. 

Şol çäkde PKK-nyň düzüminden gaçan ýene-de 1 terrorçy, howpsuzlyk güýçlerine boýun egdi. Howpsuzlyk güýçlerine boýun egen terrorçynyň soňky gezek Siriýada iş alyp barandygy anyklandy. 

Şeýlelik bilen şu ýylyň başyndan bäri edilen tagallalaryň netijesinde PKK-nyň düzüminden gaçyp howpsuzlyk güýçlerine boýun egen terrorçylaryň sany 231-e ýetdi. 



Degişli Habarlar