Türkiýe, ABŞ-nyň Sanksiýa Kararyny Ýazgardy

“ABŞ-nyň bir taraply sanksiýalara ýüz tutmagy ylalaşyksyz tutumyň görkezijisi”

1545562
Türkiýe, ABŞ-nyň Sanksiýa Kararyny Ýazgardy

 

Türkiýe, ABŞ-nyň bir taraply ýagdaýda goýan sanksiýa kararyny ýazgardy.

Daşary işler ministrliginden berlen beýannamada, “ABŞ-nyň bir taraply sanksiýalara ýüz tutmagy ylalaşyksyz tutumyň görkezijisi” diýildi.

Beýannamada “ABŞ-nyň kararyny ýazgarýarys we kabul etmeýäris” diýildi.

Beýannamada Türkiýäni wagtynda S-400 ulgamlaryny satyn almaga mejbur eden şertleri hemmeleriň gowy bilýändigi nygtalyp, ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň hut özüniň hem bu meselede Türkiýäniň mamladygyny nygtandygy bellenildi.

Daşary işler ministrliginiň beýannamasynda “Türkiýe, gatnaşyklarymyza ýaramaz täsirini ýetirjek bu karara amatly wagtda degişli jogaby berer. Türkiýe milli howpsyzlygyny üpjün etmek üçin degişli çäreleri görmekden ýüz öwürmez. Bu garaýşa laýyklykda ABŞ-na nähak sanksiýa kararyndan gysga wagtda ýüz öwürmegi üçin çagyryş berýäris. Türkiýe hökmünde meseläni özara hyzmatdaşlyga laýyklykda gepleşik we diplomatiýa arkaly çözmäge taýardygymyzy ýene-de bir gezek nygtaýarys” diýildi.

ABŞ, Russiýadan S-400 howa goranyş ulgamlaryny alandygy sebäpli Türkiýä sanksiýa goýulmagy barada karar kabul edipdi.


Etiketkalar: #ýazgarmak , #ABŞ , #sanksiýa

Degişli Habarlar