Mewlüt Çawuşoglu, NATO Agza Ýurtlaryň Daşary Işler Ministrleriniň Maslahatyna Gatnaşdy

"Daglyk Garabag, Gündogar Ortaýer deňizi, Liwiýa we gämimiziň barlanmagy hakyndaky garaýyşlarymyzy beýan etdik”

1537939
Mewlüt Çawuşoglu, NATO Agza Ýurtlaryň Daşary Işler Ministrleriniň Maslahatyna Gatnaşdy

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglu, NATO agza ýurtlaryň Daşary işler ministrleriniň maslahatyna gatnaşdy.

Çawuşoglu Twitterden beren habarnamasynda, NATO agza ýurtlaryň Daşary işler ministrleriniň maslahatyna wideo aragatnaşyk ulgamy arkaly gatnaşdygyny belledi.

Çawuşoglu “NATO-nyň gün tertibindäki meseleler bilen birlikde, Daglyk Garabag, Gündogar Ortaýer deňizi, Liwiýa we gämimiziň barlanmagy hakyndaky garaýyşlarymyzy beýan etdik” diýdi.

 



Degişli Habarlar