"Türkiýe sebitinde parahatçylygyň kök salmagy üçin öz üstüne düşýän ähli zady etmäge taýar"

Prezident Erdogan: "Türkiýe hökmünde sebitimizde parahatçylygyň, asudalygyň, howpsuzlygyň, durnuklylygyň kök salmagy üçin öz üstümize düşýän ähli zady etmäge taýardyrys" diýdi

1525985
"Türkiýe sebitinde parahatçylygyň kök salmagy üçin öz üstüne düşýän ähli zady etmäge taýar"

Prezident Rejep Taýýip Erdogan, Adalat we ösüş partiýasynyň TBMM-däki maslahatynda çykyş etdi. 

Prezident Erdogan: "Hiç kime garşy gizlin ýa-da açyk ters pikirimiz, duşmançylygymyz, erbet hasabymyz ýokdyr. Ýurdyň halkynyň ygtyýary bilen dikeljek täze bir Siriýanyň gurulmagy üçin, Russiýa başda bolmak bilen sebitde täsirli bolan beýleki güýçler bilen ýakyndan işleşmäge taýardyrys" diýip aýan etdi. 

Gündogar Ortaýer deňizinde Grek tarapynyň öjükdirilmeginden ýüz öwürlen halatynda, gysga wagtyň içinde adalatlylyga esaslanýan bir ylalaşygyň mümkindigini aýdan Erdogan: "Türkiýe hökmünde sebitimizde parahatçylygyň, asudalygyň, howpsuzlygyň, durnuklylygyň kök salmagy üçin öz üstümize düşýän ähli zady etmäge taýardyrys. Halklaryny dogan, özlerini dost hökmünde görýän sebitiň ähli döwletleri bilen, täze eýýamda bilelikde hereket etmek isleýäris" diýip mälim etdi.



Degişli Habarlar