“Azerbaýjanly Doganlarymyzy Şuşa Yeňişi Bilen Gutlaýarys”
Erdogan Şuşanyň 28 ýyl soň Azerbaýjanyň goşunlary tarapyndan azat edilmeginiň özlerini begendirendigini aýtdy
Daglyk Garabagyň kalby Şuşa şäheriniň 28 ýyl soň Ermenistanyň basyp alyşlygyndan azat edilmegi baradaky habarlar Türkiýede hem çoşgunly ýagdaýda garşylandy.
Prezident we Adalat we ösüş partiýasynyň başlygy R. T. Erdogan partiýasynyň Kojaelinde geçirlen maslahatynda sözlän sözünde Şuşanyň 28 ýyl soň Azerbaýjanyň goşunlary tarapyndan azat edilmeginiň özlerini begendirendigini aýtdy.
Erdogan “Azerbaýjanly doganlarymyzyň Şuşa ýeňişini gutlaýaryn” diýdi.
Prezident Erdogan, Şuşanyň azat edilmegi Daglyk Garabagyň halas edilmegine tarap barýan ýolda esasy orun eýeleýändigini belledi.
Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň başygy Mustafa Şentop hem Şuşanyň ýeňişini tüýs ýürekden gutlady.
Mustafa Şentop “Şuşa Azerbaýjandyr. Düşümli we mübärek bolsun” diýdi.
Degişli Habarlar
Gresiýanyň Premýer-ministri Ankarada Saparda Bolýar
Mikotakis Prezidentiň Kompleksinde Prezident Erdogan tarapyndan kabul edildi.