Yragyň demirgazygynda PKK-a agza 6 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrliginiň Twitter hasabyndan operasiýa bilen bagly beýanat berildi

1516595
Yragyň demirgazygynda PKK-a agza 6 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Yragyň demirgazygyndaku Zap we Gara sebitlerinde hüjüm guramak üçin taýarlyk görendikleri anyklanan ekstremist terror guramasy PKK-a agza 6 terrorçy howa operasiýasy bilen täsirsiz ýagdaýa getirildi. 

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrliginiň Twitter hasabyndan berilen beýanatda, ekstremist terror guramasy PKK-a garşy operasiýalaryň tutanýerlilik bilen dowam edýändigi mälim edildi. 

Beýanatda: "Yragyň demirgazygyndaky Zap we Gara sebitlerinde anyklaýyş we gözegçilik enjamlary bilen anyklanan we hüjüm guramak üçin taýarlyk görendikleri kesgitlenen PKK-a agza 6 terrorçy, geçirilen howa operasiýasy bilen täsirsiz ýagdaýa getirildi" diýip habar berildi. 



Degişli Habarlar