Zeýtun şahajygy sebitinde PKK/ÝPG-e agza 3 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Siriýada Zeýtun şahajygy sebitine od açan ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-e agza 3 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

1502990
Zeýtun şahajygy sebitinde PKK/ÝPG-e agza 3 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Milli Goranmak ministrliginden berilen beýanatda, terrorçylaryň Zeýtun şahajygy sebitine od açandygy mälim edildi. 

Beýanatda: "Asudalyk we durnuklylyk gurşawyny bozmak maksady bilen Zeýtun şahajygy sebitine od açan PKK/ÝPG-e agza 3 terrorçy, gahryman desant güýçlerimiz tarapyndan täsirsiz ýagdaýa getirildi" diýip habar berildi. 

Türkiýäniň Ýaragly güýçleri Siriýanyň demirgazygyndaky terrorçylara garşy 2018-nji ýylyň 20-nji ýanwarynda Zeýtun şahajygy operasiýasyny başladypdy. Zeýtun şahajygy operasiýasy 2018-nji ýylyň 24-nji martynda Afriniň dolulygyna gözegçilik astynda alynmagyndan soň tamam bolupdy. 



Degişli Habarlar