TBMM Şu Gün Açylýar

Mejlis 65 gün soň şu gün açylýar

1500704
TBMM Şu Gün Açylýar

Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Baş Assambleýasy 65 gün soň şu gün açylýar.

Ilkinji dabara Mejlisdäki Atatürk ýadigärliginde geçirler. Ýadigärlige gül desseleri goýlar, hormatly dymyşlyk ediler we Garaşsyzlyk mukamy ýerine ýetirler.

Mejlisiň Baş Assableýasy sagat 14.00-da jemlenşer.

Mejlisiň başlygy Mustafa Şentopuň açylyş çykyşyndan soň Prezident R. T. Erdogan halk deputatlaryna ýüzlenip çykyş eder.

Baş Assambleýa Prezident Erdoganyň çykyşyndan soň ýapylar.

Kanun çykaryş ýylynyň açylyş dabarasyna halk deputatlaryndan we ýörite çagyrlan mihmanlardan daşary hiç kimiň kabul edilmejekdigi habar berildi.

Mejlisiň täze kanun çykaryş ýyly mynasibetli her ýyl Mejlisiň başlygy tarapyndan berilýän agşam naharynyň koronawirus epidemiýasy sebäpli şu ýyl berilmejekdigi nygtaldy.



Degişli Habarlar