“Asyrlar Boýy Üç Materikde Adalat Bilen Höküm Süren Medeniýete Eýe Bolmak Diýseň Buýsandyryjy”

Prezident R.T.Erdogan asyrlar boýy üç materikde, ýedi yklymda adalat bilen höküm süren medeniýete eýe bolmagyň buýsandyryjydygyny beýan etdi

1488928
“Asyrlar Boýy Üç Materikde Adalat Bilen Höküm Süren Medeniýete Eýe Bolmak Diýseň Buýsandyryjy”

Prezident Erdogan 739-njy Söwüt Ärtogrul Batyry Hatyralama we Ýörük Festiwalyna ýüzlenme ugratdy.

Erdogan ýüzlenmesine: “1071-nji ýyldaki Malazgirt ýeňişi bilen gapysy açylan Anadoly sebitinde kiçijik taýpadan dünýä döwletine uzap giden beýik çynaryň özenlerini emele getirýän Ärtogrul batyry we ogly Osman batyry rehnet bilen hatyralaýaryn” diýip başlady.

Batyrlaryň serdary Ärtogrul batyryň ýigitliginiň, ägirtliginiň we öndengörüjiliginiň gadymy medeniýetimizin mizemez esaslara görä beýgelmeginde goşandynyň uludygyna ünsi çeken Erdogan: “Düýbi Söwütde tutulan, asyrlaryň dowamynda üç materikde, ýedi yklymda adalat bilen höküm süren medeniýete eýe bolmak biziň üçin buýsandyryjy” diýdi.

Ärtogrul batyryn öwüt-ündewini özüne ýolbelet edinen ogly Osman batyr we olaryň yzyndan giden Osman döwletiniň ýolbaşçylarynyň baran ýerlerinde deňlige, adalata we hoşniýetlilige esaslanýan ulgamy hökmürowan klandyklaryny nygtan Erdogan: “Özeni geçmişde, gözi gelejekde bolan düşünjäniň wekilleri bolan biz hem Anadolyny baky watan hökmünde gorama gowgasyna eýe çykmagy, ata-babamyzyň mirasyna eý ebolan ýurdy parahatçylyk we abadançylyk bilen ösdürmegä hem-de güýçlendirmäge dowam ederis. Söwütde gçeirilýän Ärtogrul Batyry Hatyralama we Ýörük Festiwalynyň geçmişden şu güne we gelejege köpri boljakdygna ynanýaryn” diýdi.

Erdogan: “Pursatdan peýdalanyp Soltan Alp Arslandan Ärtogrul Batyra, Fatih Soltan Mehmetden Gahryman Mustafa Kemala, şu güne çenli şu watanda yz galdyryp giden ata-babamyzy, jebisligimiz we agzybirligimiz üçin göreşen gahrymanlarymyzy rehnet we hotmat bilen hatyralaýaryn. Eziz raýatlarymyza ýalkymly salam” diýdi.



Degişli Habarlar