“Millet Bu Jennet Watany Gorar we Asla Böldürmez”

Prezident R.T.Erdogan “milletiň bu jennet watany bütewilikde gorajakdygyny we asla böldürmejekdigini” beýan etdi

1484977
“Millet Bu Jennet Watany Gorar we Asla Böldürmez”

Prezident Erdogan Siwas Kongresiniň 101 ýyllygy mynasybetli ýüzlenme çap etdi.

Garaşsyzlyk söweşiniň öwrülşik nokatlaryndan biri bolan Siwas Kongresiniň we 1919-njy ýylyň 4-nji sentýabrynyň milletimiziň ýadynda aýratyn orun eýeleýändigini nygtan Erdogan: “Siwas Kongresi Milli göreşiň mähek daşyna öwrülip, Azat edijilik söweşiniň taýarlyklary bu ýerde görüldi. Milletimiziň basyp alyjy güýçlere boýun egmejekdigi, jebisleşip göreşe taýardygyny bütin dünýä ýene-de Siwasdan yglan edildi” diýdi.

Kongresde kabul edilen kararlaryň şol bir wagtda milletiň agyr günlerinde bütin dünýä yglan eden garaşsyzlyk jarnamasydygyny beýan eden Erdogan: “Milletimiz elmydama baýdagyna, watanyna we garaşsyzlygyna abanan howplara agzybirlik bilen garşy durdy. Ýaş-garry, aýal-erkek ähli raýatlarymyz Azat edijilik söweşindäki ruhybelentlik we tolgunma bilen milli ygtyýara, geljegine elmydama eýe çykdy. Şol agzybirligimizi we jebisligimiz dowam etdigi saýyn azatlygymyza, gymmatlyklarymyza we doganlygymyza abanjak ähli howp ýok bolar” diýdi.



Degişli Habarlar