"Özygtyýarlylygyna söýgi bilen bagly bolan milletimiziň aýak yzlary biziň iň uly ylham çeşmämiz"

Emine Erdogan: "Özygtyýarlylygyna söýgi bilen bagly bolan milletimiziň aýak yzlary biziň iň uly ylham çeşmämiz" diýdi

1481522
"Özygtyýarlylygyna söýgi bilen bagly bolan milletimiziň aýak yzlary biziň iň uly ylham çeşmämiz"

Emine Erdogan Twitteriň üsti bilen 30-njy awgust Ýeňiş baýramy mynasybetli gutlag ýüzlenmesini çap etdi. 

Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň aýaly Emine Erdogan, Özygtyýarlylygyna söýgi bilen bagly bolan milletiň aýak yzlarynyň özleriniň iň uly ylham çeşmesidigini belledi. 

Emine Erdogan gutlag ýüzlenmesinde: "Respublikamyzyň esaslandyryjysy, Milli Azat edijilik söweşiniň Baş serkerdesi Gazy Mustafa Kemal Atatürk başda bolmak bilen millete bu ajaýyp ýeňişi miras goýup giden gahryman türk goşunyny uly hormat bilen hatyralaýaryn. Taryhyň her sahypasyna gahrymançylykly hekaýalar ýazdyran, özygtyýarlylygyna söýgi bilen bagly bolan milletimiziň aýak yzlary biziň iň uly ylham çeşmämiz. 30-njy Awgust Ýeňiş baýramyňyz gutly bolsun" diýip belledi.  



Degişli Habarlar