TBMM-nyň başlygy Şentop Liwiýanyň Ýokary geňeşiniň başlygy Mişri bilen duşuşyk geçirdi

Mustafa Şentop, Liwiýanyň Ýokary Geňeşiniň başlygy Halid Al-Mişri bilen Mejlisiň Stambul şäherindäki ofisinde geçiren duşuşygyndan soň umumy metbugat ýygnagyny geçirdi

1480300
TBMM-nyň başlygy Şentop Liwiýanyň Ýokary geňeşiniň başlygy Mişri bilen duşuşyk geçirdi

TBMM-nyň Başlygy Mustafa Şentop, Türkiýäniň Liwiýada halkara hukuga ters ýagdaýda ýerleşen we iş alyp barýan biri-birinden tapawutly ýurtlaryň, goňşy Müsüriň, BAE-niň, Fransiýanyň şol ýurdyň hukugyna, Liwiýanyň kanuny hökümetine hormat goýmaklaryna garaşýandyklaryny habar berdi.

Mustafa Şentop, Liwiýanyň Ýokary Geňeşiniň başlygy Halid Al-Mişri bilen Mejlisiň Stambul şäherindäki ofisinde geçiren duşuşygyndan soň umumy metbugat ýygnagyny geçirdi. 

Duşuşykda hem Liwiýanyň häzirki ýagdaýy hem-de soňky hadysalar barada pikir alyşandyklaryny aýdan Şentop, Türkiýäniň başyndan bäri Liwiýanyň halkynyň howpsuzlygy, Liwiýada ilki bilen ylalaşygyň ýola goýulmagy, ondan soň bolsa içerki parahatçylygyň üpjün edilmegi babatynda goldawyny tutanýerlilik bilen dowam etdirýändigini habar berdi. 

Mustafa Şentop: "Türkiýe halkara hukuga görä, Liwiýada kanuny hökümet bilen aragatnaşykda bolan we oňa goldaw berýän ýeke täk döwletdir. Bilişiňiz ýaly BMG tarapyndan ykrar edilen hökümet bilen Türkiýe şertnamalar baglaşdy. Şu günki gün Türkiýäniň Liwiýada bar bolmagynyň sebäbi hem halkara hukuga görä bu ylalaşyklardyr, şol esasdyr. Hem huntaçylara hem-de Liwiýadaky asudalygy we durnuklylygy bozmak üçin iş alyp barýan gurjak döwletlere, kömekçi potratçy döwletlere, hakyna tutma esgerlere, ligionerlere Liwiýanyň asudalygyny bozmaklaryna pursat bermeris. Türkiýe bu babatda Liwiýadaky kanuny hökümetiň we Liwiýaly doganlarymyzyň ýanynda bolmagyny tutanýerlilik bilen dowam etdirer" diýip belledi. 



Degişli Habarlar