Malazgirt Ýeňişiniň 949-njy Ýyllygyna Bagyşlanan Çäreler Başlady

Ahlatda we Malazgirtde Geçirilýän Çärä Halk Uly Gyzyklanma Bildirýär

1477891
Malazgirt Ýeňişiniň 949-njy Ýyllygyna Bagyşlanan Çäreler Başlady

Bitlis welaýatynyň Ahlat we Muş welaýatynyň Malazgirt etraplarynda 26-njy awgust Malazgirt ýeňişiniň 949-njy ýyllygyna bagyşlanan dabaralar başlady.

“Türkleriň Anadola Girelgesi” atlandyrylýan Malazgirtde we “Anadolynyň döwletnamasy” hasap edilýän Ahlatda Harby howa güýçleri serkerdeliginiň akrobatiýa topary “Türk ýyldyzlary” ýeňişiň 949-njy ýyllyğyna bagyşlap ýörite görkezliş gurady.

Newşehir Žandarm At we İt Tälim Merkezi Serkerdeliginden getirilen 8 at bilen 8 çapyksuwar çärä gatnaşyjylaryň ünsüni özünde jemledi.

Birnäçe wagtdan bäri taýarlyklary dowam edýän çäräniň birinji gününde aýratynam çagalar üçin mergenlik bäsleşikleri guraldy, stol tennisi, golf we badminton ýaly oýunlar oýnaldy.



Degişli Habarlar