Türkiýe Somalidäki terrorçylykly hüjümi ýazgardy

Türkiýe Somaliniň paýtagty Mogadişuda guralan terrorçylykly hüjümi ýazgardy

1473933
Türkiýe Somalidäki terrorçylykly hüjümi ýazgardy

Türkiýäniň Daşary işler ministrligi tarapyndan berilen ýazmaça beýanatda, Mogadişuda hüjümiň we ýaragly çaknyşygyň netijesinde ençeme adamyň ýogalandygy we ýaralanandygy baradaky habaryň uly gynanç bilen alynandygy mälim edildi. 

Beýanatda: "Bu guralan hüjümi ýazgarýarys. Doganlyk Somaliniň halkyna we hökümetine gynanç bildirýäris, ýogalan adamlara Alladan rehnet, ýaralanan adamlaryň bolsa tiz wagtda sagalmaklaryny dileýäris" diýip habar berildi. 



Degişli Habarlar