Fahrettin Altun FETÖ bilen bagly beýanat berdi

Kommunikasiýalar edarasynyň başlygy Fahrettin Altun, Türkiýäniň Fetullahçy terror guramasynyň bagyşlamajakdygyny belläp, boş arzuw-umytlara ýüz tutmaly däldigini nygtady

1459969
Fahrettin Altun FETÖ bilen bagly beýanat berdi

Kommunikasiýalar edarasynyň başlygy Fahrettin Altun, wideoşekilli göni aragatnaşyk arkaly geçirilen Metbugat işgärleriniň hukuklarynyň gowulaşdyrylmagy bilen bagly maslahatyň açylyşynda çykyyş etdi. 

Çykyşynda FETÖ-niň 2016-njy ýylyň 15-nji iýulyndaky harby agdarlyşyk synanyşygynyň üstünde durup geçen Fahrettin Altun: "Milletimiz lideri bilen bilelikde ýurdumyzyň boş elleri bilen harby agdarlyşykdan halas etdi" diýip belledi. 

FETÖ garşy göreşdäki tutanýerli pozisiýanyň günsaýyn has hem güýçlenýändigini aýdan Altun, guramanyň dargadylmagy, täze öýjükleriň ýüze çykarylmagy, gurama degişli maglumatlaryň ele salynmagy bilen birlikde döwletiň guramadyr-edaralarynda gurama garşy uly üstünlikler gazanylandygyny habar berdi. 

Fahrettin Altun, bu milletiň hiç bir agzasynyň, bu döwletiň hiç bir gatlagynyň FETÖ garşy göreş babatynda iň kiçi egilşige, boşaňlyga ýa-da şübhä ýüz tutmajakdygyny nygtady. 



Degişli Habarlar