"15-nji iýul, asyrlaryň dowamynda berlen bar bolmak we ýok bolmak göreşleriniň soňky halkasydyr"

FETÖ-niň Agdarlyşyk Synanşygyna 4 Ýyl Doldy

1455586
"15-nji iýul, asyrlaryň dowamynda berlen bar bolmak we ýok bolmak göreşleriniň soňky halkasydyr"

FETÖ-niň Agdarlyşyk Synanşygyna 4 Ýyl Doldy

Hyýanatçylykly synanşygyň basylyp ýatyrylan güni Türkiýede 4 ýyldan bäri “Demokratiýa we Milli Agzybirlik Güni” hökmünde bllenilip geçilýär

Türkiýe 15-nji iýul ýeňişiniň 4-nji ýylynda watany we baýdagy üçin gözüni gyrpman şehit bolan gahrymanlaryny hormat bilen hatyralaýar.

Prezident R.T.Erdogan 15-nji iýuldaky iş gününe Prezidentiň kompleksiniň öňünde ýerleşýän 15-nji iýul Ýadygärligine gül desselerini goýmak bilen başlady.

“Ýeke-täk milleti, ýeke-täk baýdagy, ýeke-täk watany we ýeke-täk döwleti” aňladýan 4 şekilden ybarat bolan 15-nji iýul Ýadygärligine polisler, esgerler we gahrymanlar bilen bilelikde gül desselerini goýan Erdogan, soň Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisinde geçirilen 15-nji iýul Şehitlerini hatyralama çäresine gatnaşdy.

Prezident Erdogan Mejlisde eden çykyşynda, 15-nji iýulyň, bu topraklarda asyrlaryň dowamynda berlen bar bolmak we ýok bolmak göreşleriniň soňky halkasydygyny nygtady.

15-nji iýul gijesi ýurda hüjüm eden FETÖ-çi dönüklerin, TBMM-ni bilkastlaýyn nyşana alandygyna ünsi çeken Erdogan “FETÖ-çi dönükler, ynanyň, eger güýçleri ýeten bolsady bu Mejlisi ýer bilen ýegsan ederdi. Ynanyň, eger güýçleri ýeten bolsady ýurduň Prezidentiniň we Premýer ministriniň başda durmagynda, saýlanan ähli ýolbaşçylary öldürmekdan gaça durmazdylar” diýdi.

15-nji iýulyň ýönekeý agdarlyşyk synanşygy bolmandygyny nygtan Erdogan “15-nji iýul bu topraklarda asyrlaryň dowamynda berlen bar bolmak we ýok bolmak göreşleriniň soňky halkasydyr. Öz geljekleri we bähbitleri üçin Türkiýäni oda atmaga synanşanlara garşy 15-nji iýul gijesi bolşy ýaly halkymyz bilen egine egine, watanymyzy, demokratiýamyzy we garaşsyzlygymyzy goramaga dowam ederis” diýdi.

Mejlisde halka wekilçilik edýän her bir adamy güýçli Türkiýä goldaw bermäge çagyran Prezident Erdogan “Geliň şehitlerimiziň amanadyna birlikde eýe çykalyň, geliň 2023-nji ýyla garaşsyzlygymyzyň 100-njy ýylyna tarap birlikde aýgytly ädim ädeliň”diýdi.

Prezidentiň kompleksinde beriljek resmi naharda şehitleriň hossalary bilen duşuşjak Erdogan, 15-nji iýul Millete ýüzleniş çykyşyny eder.

“15-nji iýul Demokratiýa we milli agzybirlik gününde” şu ýyl ýurtda ministrlikler we döwlet edaralary 609, ýokary okuw jaýlary 521, jemgyýetçilik guramalary 108, jemi 2,338 çäre geçiriler. Daşary ýurtlarda bolsa 752 çäre guralar.



Degişli Habarlar