Milli goranmak ministri Akar we Baş ştabyň Başlygy Güler Liwiýada saparda bolýar

Hulusi Akar bilen Ýaşar Güler harby ylalaşyga laýyklykda alynyp barylýan işler bilen ýerinde tanyşmak üçin Liwiýa gitdi

1448463
Milli goranmak ministri Akar we Baş ştabyň Başlygy Güler Liwiýada saparda bolýar
Hulusi Akar1.jpg
Hulusi.jpg

Milli goranmak ministri Hulusi Akar we Baş ştabyň Başlygy general Ýaşar Güler harby ylalaşyga laýyklykda alynyp barylýan işler bilen ýerinde tanyşmak üçin Liwiýa gitdi

Akar we Güler harby dabarada soň harby ylalaşyga laýyklykda döredilen Goranyş howpsyzlygy boýunça hyzmatdaşlyk we Tälim arkalaşyk geňeşdarlygy serkerdeligine bardylar.

Sapar hakynda beýannama beren Prezident R.T.Erdogan; “Liwiýada legal we iş başynda bolan hökümet bilen aramyzda alynyp barylýan işleriň egilşiksiz we gyşarnyksyz dowam etdirilmegi möhüm. Şeýle-de edilýär. Goranmak ministrimiz Liwiýa bardy. Ol ýerde geçirjek duşuşyklarynda Liwiýadaky meseleler bilen has ýakyndan tanyş bolup, işleri içginlik bilen dowam etdirmek isleýäris. Libiýada iş başyndaky kanany hökümet bilen aramyzdaky işler iňňän egilşiksiz we gyşarnyksyz dowam etdirilmeli” diýdi.

Düýn Katara guran sapary barada-da beýannama beren Erdogan: “Katara guran saparymyz Kowid-19-dan soň daşary ýurda guran ilkinji saparym boldy. Sebitde ýerleşýän ýurtlar bilen bolan ähli meselelerde Kataryň Emiri Şeýh tamim Bin Hamad As Sani bilen pikir alyşdyk” diýdi.



Degişli Habarlar