Elektrik tokda işlejek milli otly taslamasy

Transport we infrastruktura ministri Adil Karaismailogly elektrik tokda işlejek milli otlynyň şu ýylyň ahyrynda taýar boljakdygyny habar berdi

1445474
Elektrik tokda işlejek milli otly taslamasy
milli tren 2.jpg
milli tren 1.jpg

Türkiýäniň Transport we infrastruktura ministri Adil Karaismailogly, Sakarýa welaýatynda ilkinji ýerli elektrikli otlynyň fabrik şertlerinde geçirilýän synaglarynyň başladyljak dabarada eden çykyşynda, demir ýol tehnologiýasynda, ýerli we milli ulaglaryň önümçiligi bilen bagly göçümlerini dowam etdirmekde tutanýerlidiklerini belläp: "Maksadymyz, Türkiýäniň relsli ulgam önümçiliginde möhüm merkez ýagdaýyna gelmegidir" diýip mälim etdi. 

Ýerli we milli otlylaryň sagatda 160 km dolanşyk tizligine, 176 km dizaýn tizligine eýe ýagdaýda öndürilýändigini aýdan Karaismailogly, ýolagçylyk howpsuzlygy öň planda bolmak bilen ýolagçylary hoşal etjekdigini, rahatlyk taýdan isleg we tamalaryny iň ýokary derejede üpjün etjek aýratynlyklara eýe boljakdygyny beýan etdi. 

Transport we infrastruktura ministri Adil Karaismailogly, 5 wagondan ybarat boljak toryň jemi oturgyç sanynyň 324 boljakdygyny we 2 sanysynyň maýyp ýolagçylar üçin bölünip aýrylandygyny habar berdi. 

Transport we infrastruktura ministri Adil Karaismailogly, önümçiligi tamamlanan prototip torunyň 60 göterim ýerlilik derejesi bilen ýasalandygyny, seriýalaýyn önümçiliginiň bolsa 80 göterimlik ýerlilik derejesi bilen ýasalmagy maksat edinilýändigini belläp: "Prototip torunyň çykdajysy daşary ýurtdan üpjün edilýän önümlere görä 20 göterim has arzan boldy" diýip ünsleri çekdi.  



Degişli Habarlar