Türk esgerler Haftaninde...

Türk esgerler Yragyň demirgazygyndaky Haftanin sebitine girdiler...

1437588
Türk esgerler Haftaninde...

Terror guramalarynyň Yragyň demirgazygyndaky ýerlerine garşy gury ýer operasiýasy başladyldy.

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrligi: "Penje-Gaplaň operasiýasy başladyldy. Gahryman esgerlerimiz Haftaninde" diýip mälim etdi. 

Milli Goranmak ministrligi tarapyndan berilen beýanatda: "Harby-howa güýçlerimiz, Atak dikuçarlary, ýaragly we ýaragsyz uçarmansyz howa ulaglary tarapyndan goldanýan türk esgerler, sebite gönükdirildi" diýip aýan edildi. 

Ministrlik operasiýanyň serhet we harby birikmelere artan hüjümler we hüjüme taýarlyk görýän PKK-a we beýleki terror guramalara garşy, halkara hukukdan gözbaş alýan ýurdy goramak ýörelgesiniň çäginde geçirilýändigini mälim etdi. 

Yragyň demirgazygynda ýerleşýän we Türkiýäniň serhedi üçin eýýäm onlarça ýyllar howp emele getirýän, ekstremist terror guramasy PKK-a garşy "Penje-Bürgüt" howa operasiýasy bolsa düýn gije başladylypdy.  

Beýleki tarapdan bolsa TBMM-nyň başlygy Mustafa Şentop, sosial media hasaby Twitterden beren beýanatynda, Yragyň demirgazygyndaky Haftanin sebitine garşy başladylan "Penje-Gaplaň" operasiýasy bilen baglanşykly beýanat berdi. 

Mustafa Şentop: "Sebitimizde parahatçylygyň ýola goýulmagy üçin wajyp bolan terrora garşy göreşimiz tutanýerlilik bilen dowam edýär. Beýik Alla, serhetlerimiziň goralmagy we milletimiziň asudalygy üçin göreş alyp barýan gahryman esgerlerimize ýardam et" diýip belledi. 



Degişli Habarlar