Prezident Erdogan Liwiýanyň Milli ylalaşyk hökümetiniň Premýer ministrini kabul edýär

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan Liwiýanyň Milli ylalaşyk hökümetiniň Premýer ministri Faýiz as-Sarrajy ýurdyň paýtagty Ankara şäherinde kabul edýär

1429497
Prezident Erdogan Liwiýanyň Milli ylalaşyk hökümetiniň Premýer ministrini kabul edýär

Türkiýe bilen goranyş pudagynda hyzmatdaşlyk edip, ýurdunda howpsyzlygy we durnuklylygy üpjün etmekde uly öňe gidişlikler eden Liwiýanyň Milli ylalaşyk hökümetiniň we goşunynyň üstünlikli göçümleri dowam edýän mahaly, paýtagt Ankara gelen Premýer ministr Sarraj, Prezident kompleksinde Prezident Erdogan bilen möhüm duşuşyk geçirýär. 

Duşuşykda Liwiýada kesgitleýji rol oýnaýan Türkiýäniň bütin Liwiýany öz içine alýan syýasy çözgüde ýetmegiň çäginde edilýän ädimler ýaňadandan gözden geçirilýär. 

BMG şu hepdäniň başynda Liwiýadaky taraplaryň parahatçylyk gepleşiklerini dowam etdirmegi kabul edýändigini mälim etmeginden soň, diplomatiýa ugrundaky ediljek göçümler iki lideriň ileri tutulýan ugurlarynyň möhüm bölegini emele getirýär. 



Degişli Habarlar