Milli howpsyzlyk geňeşiniň maslahaty Prezident Erdoganyň ýolbaşçylyk etmeginde geçirildi

Türkiýäniň terrora garşy göreşi tutanýerlilik bilen dowam eder

1428406
Milli howpsyzlyk geňeşiniň maslahaty Prezident Erdoganyň ýolbaşçylyk etmeginde geçirildi

 

Milli howpsyzlyk geňeşiniň maslahaty düýn Prezident R. T. Erdoganyň ýolbaşçylyk etmeginde geçirildi.

Maslahatyň jemleýji jarnamasynda, Türkiýäniň terrora garşy göreşiniň tutanýerlilik bilen dowam etjekdigi nygtaldy.

Jarnamada “Ýurdumyzyň gury ýerdäki, deňizdäki we howadaky ähli hak-hukuklarynyň we bähbitleriniň goralyp saklanmagy üçin asla egilşik edilmez” diýildi.

Jarnamada Türkiýäniň milli jebisligine, bitewiligine we arkalaşygyna howp salýan PKK/KJK-PÝD/ÝPG, DAIŞ we FETÖ ýaly terror guramalarynyň başda durmagynda ähli terror guramalaryna garşy ýurduň içinde we serhetaşa guralýan operasiýalaryň tutanýerlilik bilen dowam etjekdigi bellenildi.

Siriýanyň territorial bitewiliginiň goralyp saklanmagy we sebitiň terrordan saplanyp, siriýalylaryň hem meýletin ýagdaý öýlerine dolanmaklary üçin amala aşyrylýan köp ugurly işleriň hem güýçli depginde dowam etjekdigi ýatladyldy.

Jarnamada, Türkiýäniň Ortaýer deňizindäki ähli hukuklaryny we bähbitlerini goramaga dowam etjekdigi nygtaldy we Türkiýäniň BMG tarapyndan ykrar edilen milli hökümetiň, Liwiýanyň syýasy jebisliginiň we territorial bitewiliginiň goralyp saklanmagyna goldaw berjekdigi ýatladyldy.

Jarnamada şeýle hem halkara derejesinde howply bolan täze görnüş koronawirus epidemiýasyna garşy göreşýän Türkiýäniň saglygy goraýyş, azyk we tehnalogiýa pudagynyň, ykdysadyýetiň we howpsyzlygyň başda durmagynda ähli ugurda gazanýan üstünligine aýratyn üns çekildi.



Degişli Habarlar