Türkiýe Britaniýa ikinji tapgyr lukmançylyk kömegini ugratdy

Türkiýe täze görnüş koronawirus epidemiýasyna garşy göreş maksady bilen, dünýä derejesinde iň köp zyýan ýeten ýurtlaryň biri bolan Britaniýa ikinji tapgyr lukmançylyk kömegini ugratdy

1396430
Türkiýe Britaniýa ikinji tapgyr lukmançylyk kömegini ugratdy

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrliginiň Twitter hasabyndan berilen beýanatda, Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň buýrugyna laýyklykda koronawirus epidemiýasyna garşy göreşde ulanyljak 2-nji tapgyr lukmançylyk enjamlary kömeginiň Britaniýa ugradylandygy mälim edildi. 

Saglygy goraýyş ministrligi tarapyndan taýarlanan maskalardan, N95 maskalardan we kombinezonlardan ybarat lukmançylyk kömegi, paýtagt Ankara şäherindäki Etimesgut harby howa menzilinden A400M kysymly ýük uçaryna ýüklenip, ugradyldy. 

Uçardaky gutularyň üstüne bolsa türk we iňlis dillerinde 13-nji asyrda ýaşap geçen meşhur alymlardan biri bolan Möwlana Jelaleddin Rumynyň "Umytsyzlygyň arkasynda ençeme umytlar bar. Garaňkynyň arkasynda ençeme ýagtylyk bar" diýen sözleri ýazyldy. 

Türkiýe Britaniýa anna güni hem lukmançylyk kömegini ugradypdy. 



Degişli Habarlar