Türkiýe koronawirusa garşy göreşiň çäginde Liwana azyk kömegini berdi

Türkiýe bu agyr günlerinde liwanly doganlaryny ýatdan çykarmady

1395661
Türkiýe koronawirusa garşy göreşiň çäginde Liwana azyk kömegini berdi

 

Türkiýäniň Liwandaky ilçihanasy arkaly berlen kömekler, ýurduň iň ýoksul şäherlerinden biri bolan Trablusşam we Akkar şäherleriniň Türkmen Aýdamun we Kawaşra obalarynda 600-den gowrak maşgalara paýlandy.

Türkiýäniň Liwandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hakan Çakyl, “Türk hökümeti, dünýäniň koronawirusa garşy göreşýän döwründe doganlyk Liwanyň halkynyň epidemiýa garşy göreşine goldaw bermek isledi” diýdi.

Aýdamun etrabynyň ozalky häkimi Kemal Maksud, dünýäniň çar tarapyndaky doganlaryny ýatdan çykarmadyk Türkiýäniň bu agyr günlerinde liwanly doganlaryny hem  ýatdan çykarmandygyny aýtdy.

Beýleki tarapdan TIKA hem ýakynda Liwanda lukmançylyk kömegini berer.

 


Etiketkalar: #lukmançylyk , #kömek , #Liwan

Degişli Habarlar