Saglygy goraýyş ministrliginiň resmileri hytaýly kärdeşleri bilen maslahat geçirdi

Saglygy goraýyş ministrliginiň resmileri we Koronawirus Ylmy Geňeşiň agzalary, hytaýly kärdeşleri bilen wideoşekilli göni aragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdiler

1396043
Saglygy goraýyş ministrliginiň resmileri hytaýly kärdeşleri bilen maslahat geçirdi

Ministrlik tarapyndan berilen beýanata görä, koronawirusa garşy göreşiň çäginde hytaýly resmiler bilen 26-njy martda wideoşekilli göni aragatnaşyk arkalt maslahat geçiren türk resmiler, hytaýly hünärmenler bilen 2-nji gezek maslahat geçirdiler. 

Saglygy goraýyş ministriniň orunbasary Prof.Dr Emine Alp Meşeniň ýolbaşçylyk etmeginde geçirilen maslahata, Koronawirus Ylmy Geňeşiň agzalary hem gatnaşdy. 

Hytaý tarapyndan bolsa epidemiýanyň ýüze çykan ýeri bolan Uhan şäherinde iş alyp baran saglygy goraýyş edaralarynyň resmileri, hassahananyň ýolbaşçylary we degişli hünärmen lukmanlar gatnaşdy. 

Maslahatda iki ýurdyň arasynda koronawirus epidemiýasy bilen baglanşykly maglumat we tejribe paýlanşygy gözden geçiriledi. Keseliň bejergisi, derman we sanjym bilen bagly geçirilýän işler barada pikir alyşyldy. 


Etiketkalar: #maslahat , #Hytaý , #Türkiýe

Degişli Habarlar