Elazygda gözleg we halas ediş işleri arakesmesiz ýagdaýda dowam edýär

Elazyg welaýatynda ýer titremeden soň gözleg we halas ediş işleri arakesmesiz ýagdaýda dowam edýär

1347741
Elazygda gözleg we halas ediş işleri arakesmesiz ýagdaýda dowam edýär
elazığ deprem 2.jpg
elazığ deprem 1.jpg

Elazyg welaýatynda geçen hepdäniň anna güni Türkiýäniň wagty bilen sagat 20:55-de bolan we güýç merkezi welaýatyň Siwrije etraby bolan 6,8 bal ululygyndaky ýer titremede ýogalan adamlaryň sany 41-e ýetdi.

Tebigy apatlar we adatdan daşary ýagdaýlar edarasy (AFAD), ýer titremeden soň hassahanalara ýüz tutan 1607 adamyň 1515-ini bejergi edip, öýlerine ugradandyklaryny habar berdi.

AFAD-yň koordinasiýasy esasynda geçirilýän gözleg we halas ediş işleriniň netijesinde häzirki wagta çenli 45 adam harabalyklaryň aşagyndan diri ýagdaýda çykaryldy. Sebite jemi 23 müň 507 maşgalalyk çadyr, 400 sany umumy maksatlar üçin çadyr guruldy, 2 müň 354 elektrik gyzdyryjysy, 6 müň 436 azyk gutusy gönükdirildi.

Içeri işler ministri Süleýman Soýlu, Saglygy goraýyş ministri Fahrettin Koja, Daşky gurşaw we şäherçilik ministri Murat Kurum, Din işler guramasynyň başlygy Ali Erbaş ýer titreme bolan sebitde gözegçilik işlerini geçirdiler.


Etiketkalar: #ýer titreme , #Siwrije , #Elazyg

Degişli Habarlar