“Döwelt hökmünde, millet hökmünde elimizden geleni edýäris we ederis"

Prezident Erdogan “Obalarda we etrapçalarda ýykylan öýleriň ýerine gysga wagtda täze jaýlar gurular, hçç kimi daşarda goýmarys” diýdi

1347310
“Döwelt hökmünde, millet hökmünde elimizden geleni edýäris we ederis"

Prezident R. T. Erdogan, TBMM-niň başlygy Mustafa Şentop, Prezidentiň orunbasary Fuat Oktaý we käbir ministler bilen Siwrijede bolan 6,8 bal ululygyndaky ýer titremesinden soň Elazyga gitdi.

Ýer titremesinde ýogalan 2 adamyň jynazasyna gatnaşan Prezident Erdogan “Geçmişden bäri birnäçe ýer titremesini başdan geçirdik. Milletimiz şol ýer titremelerinde sabyr etmegi bildi we başardy” diýdi.

Prezident Erdogan “Döwelt hökmünde, millet hökmünde elimizden geleni edýäris we ederis. Gözleg we halas ediş işleri dowam eder” diýdi.

Ýer titremesi sebäpli ýykylan we zeper ýetirlen ýaşaýyş jaýlary barada hem durup geçen Prezident Erdogan “Obalarda we etrapçalarda ýykylan öýleriň ýerine gysga wagtda täze jaýlar gurular, hçç kimi daşarda goýmarys” diýdi.

 

 

 

 



Degişli Habarlar