Fahrettin Altun Parahatçylyk Çeşmesi operasiýasy bilen bagly beýanat berdi

Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasynyň başlygy Fahrettin Altun, Türkiýe bilen ABŞ-nyň arasynda gazanylan Parahatçylyk Çeşmesi operasiýasy bilen bagly ylalaşygyň ýoýulmak islenýändigini habar berdi

1291253
Fahrettin Altun Parahatçylyk Çeşmesi operasiýasy bilen bagly beýanat berdi

Fahrettin Altun, Twitteriň üsti bilen beren beýanatynda: “Türkiýe-ABŞ arasyndaky ylalaşyk bilen bagly hakykatlary ýoýmak babatynda tagalla edilýär” diýip aýan etdi.

Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasynyň başlygy Fahrettin Altun: “Gysgaça aýdanymyzda: Türkiýe Parahatçylyk Çeşmesi operasiýasyna 120 sagatlyk arakesme berdi. ABŞ bolsa öz gezeginde ÝPG-nyň çekilmegini ýeňilleşdirmek we ÝPG-nyň elindäki agyr ýaraglary ýygnamak bilen jogapkär. Wagt dowam edýär” diýip habar berdi.  



Degişli Habarlar