Türkiýäniň Prezidenti Russiýa sapar gurar

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan ertir Russiýa iş saparyny gurar

1258627
Türkiýäniň Prezidenti Russiýa sapar gurar

Prezidentiň Metbugat merkezinden berilen beýanata görä, Prezident Erdogan 27-nji awgustda iş sapary bilen Russiýa gider.

Saparynyň çäginde Erdogan, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşyk geçirer. Erdogan we Putin toparara gepleşiklere ýolbaşçylyk ederler.

Erdogan öz ugrunda dünýäniň iň meşhur çärelerinden biri bolan MAKS-2019 Halkara awiasia we kosmos sergisiniň açylyşyna gatnaşar.

Saparyň çäginde Türkiýe-Russiýa ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ähli ugurlarynyň ele alynmagyna, Siriýa başda bolmak bilen käbir sebitleýin we halkara meseleler barada pikir alyşylmagyna garaşylýar.


Etiketkalar: #sapar , #Russiýa , #Erdogan

Degişli Habarlar