Mewlüt Çawuşogly resmi sapar bilen Liwana gitdi

Çawuşogly sapary barada Twitterden beren beýanatynda “Özara gepleşik geçirmek üçin dost ýurt Liwana geldik” diýdi

1257276
Mewlüt Çawuşogly resmi sapar bilen Liwana gitdi

Daşary işler Mewlüt Çawuşogly resmi sapar bilen Liwana gitdi

Mewlüt Çawuşoglynyň ýolbaşçylygyndaky resmi wekiliýet paýtagt Beýrutdaky halkara Refik Hariri howa menzilinde Türkiýäniň Liwandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hakan Çakyl we Liwanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylaryndan Nejla Asakir tarapyndan garşylandy.

Çawuşogly sapary barada Twitterden beren beýanatynda “Özara gepleşik geçirmek üçin dost ýurt Liwana geldik” diýdi.

Mewlüt Çawuşoglynyň  Liwana guraýan sapary barada Daşary işler ministrliginden berlen ýazmaça beýanatda, saparyň çäginde iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar bilen birlikde sebitara we halkara meseleleriň seljeriljekdigi ýatladyldy

Ministr Çawuşoglynyň saparynyň çäginde Liwanda ýaşaýan türk raýatlary bilen hem duşuşmagyna garaşylýar.

 

 

 


Etiketkalar: #resmi sapar , #Liwan

Degişli Habarlar