Erdogan, Zelenskiý bilen metbugat ýygnagyny geçirdi

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan, Türkiýäniň Krymyň bikanun anneksiýasyny ykrar etmändigini we ykrar etmejekdigini nygtady

1249741
Erdogan, Zelenskiý bilen metbugat ýygnagyny geçirdi

Prezident Erdogan, Prezidentiň kompleksinde resmi sapar bilen Ankara gelen Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý bilen metbugat ýygnagyny geçirdi.

Prezident Erdogan ol ýerde eden çykyşynda: “Türkiýe Krymyň bikanun anneksiýasyny ykrar etmedi we ykrar etmez” diýip belledi.

Erdogan: “Kowumdaşlarymyzyň taryhy Ata Watanlary bolan Krymdaky barlyklarynyň dowamy, şahsyýetleriniň we medeniýetleriniň goralmagy, hukuklarynyň we azatlyklarynyň kepillik astyna alynmagy esasy pozisiýamyz bolmaga dowam eder” diýdi.

Myhman Prezident Zelenskiý bolsa, Erdogana Türkiýäniň Krym meselesindäki syýasaty sebäpli minnetdarlyk bildirdi.

Zelenskiý çykyşynda: “Ukrainanyň territorial bütewiligi babatyndaky üýtgewsiz pozisiýaňyz sebäpli Türkiýä minnetdarlyk bildirýärin” diýip nygtady.

Türkiýäni, gowy goňşy, ýürekdeş dost we möhüm strategik hyzmatdaş hökmünde häsýetlendiren Zelenskiý, Türkiýe bilen edilýän gatnaşyklara uly ähmiýet berýändiklerini habar berdi.

Ukrainanyň Döwlet baştutany mundan başgada: “Türk işewür dünýäsini Ukraina çagyrýaryn. Asuda işläp bilmegiňiz üçin öz adymdan güwä geçýärin” diýip belledi.



Degişli Habarlar