Mewlüt Çawuşogly Yragyň Premýer ministri bilen duşuşdy

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Yragyň Premýer ministri Adil Abdulmehdi bilen duşuşyk geçirdi

1191359
Mewlüt Çawuşogly Yragyň Premýer ministri bilen duşuşdy

Çawuşogly, duşuşykdan soň sosial media hasabyndan beren beýanatynda: "Türkiýe-Yrak ikitaraplaýyn söwda kuwwadymyzy 20 milliard dollara ýetireris. PKK-nyň Yrakda köküni ýok etmek üçin bilelikde işleşeris" diýip belledi. 

Çawuşogly, saparynyň çäginde şeýle hem Yragyň mejlisiniň başlygy Muhammed El-Halbusi we türkmen deputatlary bilen hem aýry-aýry duşuşyk geçirdi. 

 



Degişli Habarlar