TBMM-niň başlygy Kataryň Emiri bilen duşuşdy

Türkiýäniň Beýik Millet mejlisiniň başlygy Mustafa Şentop, Kataryň Emiri Şeýh Temim bin Hamed Al Sani bilen duşuşdy

1178476
TBMM-niň başlygy Kataryň Emiri bilen duşuşdy

Al Sani, Parlamentara Bileleşiginiň 140-njy Baş geňeşine gatnaşmak üçin Kataryň paýtagty Doha şäherine baran Mustafa Şentopy kabul etdi.

Türkiýe bilen Kataryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň wajyplygy bellenip geçilen duşuşykda, iki ýurdyň arasyndaky gatnaşyklar we hyzmatdaşlyk meseleleri ara alynyp maslahatlaşyldy.

TBMM-niň başlygy Şentop Kataryň Emiri Al Sani bilen geçiren duşuşygynda Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň salamyny ýetirdi.


Etiketkalar: #TBMM , #Katar , #Emir , #Doha , #Mustafa Şentop

Degişli Habarlar