Türk we Rus deňiz güýçleri Gara deňizde türgenleşik geçirdi

Iki ýurduň deňiz güýçleri Garadeňizde bilelikde harby türgenleşik geçirdi

1159565
Türk we Rus deňiz güýçleri Gara deňizde türgenleşik geçirdi

Türk harby deňiz güýçleri Russiýanyň Gara deňizdäki floty bilen Gara deňizde harby türgenleşik geçirdi

Russiýanyň Gara deňizdeäki flotunyň Maglumat üpjünçilik bölüminiň başlygy Alekseý Rulýew; “Norossiýsk deňiz bazasynyň iki gämisiniň ekipažy, gözegçilik gämisi “Sailiý Bykow” we mina barlag gämisi “Walentin Pikul” türk korwet gämisi “Burgaz” we mina barlag gämisi “Akçaýyň” ekipažy bilen Türk-Rus bikelikdäki harby türgenleşigini geçirdi” diýdi.

İki tarapyň ekipažynyň hem Gara deňizde bilelikde işleşendiklerini beýan eden Rulýew, gämileriň ýüze çykmagy ähtimal mina howpyna garşy tejribe alyşylandygyny aýtdy.

Türk deňiz güýçlerine degişli gämiler mart aýynyň 6-8-i aralygynda Türk harby deňiz güýçleriniň Gara, Ortaýer we Egeý denizlerinde bilelikde guran “Mawy Watan-2019 Türgenleşiginiň” çäginde Noworossisk portuna barypdy.

 

 



Degişli Habarlar