Türk harby uçarlar Yragyň demirgazygyna hüjüm gurady

Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň Yragyň demirgazygyna guran howa hüjüminde ekstremist terror guramasy PKK tarapyndan ýarag liniýasy, gaçybatalga, gowak we ok-däri ammary hökmünde ulanylan ýerler ýok edildi

1151384
Türk harby uçarlar Yragyň demirgazygyna hüjüm gurady

Türkiýäniň Goranmak ministrliginiň Twitter hasabyndan berilen beýanatda, Yragyň demirgazygyndaky Hakurk we Zap sebitlerine howa hüjümleriniň guralandygy mälim edildi.

Berilen maglumatda, howa hüjümleriniň netijesinde ekstremist terror guramasy PKK tarapyndan ýarag liniýasy, gaçybatalga, gowak we ok-däri ammary hökmünde ulanylan nyşanalaryň ýer bilen ýegsan edilendigi beýan edildi.



Degişli Habarlar