Boliwiýanyň hem 2019-njy ýylyň ikinji ýarymynda Türkiýede ilçihana açar

Fuat Oktaý, Wenesuellada Boliwýanyň Prezidenti Ewo Morales Aýma bilen duşuşdy

1122874
Boliwiýanyň hem 2019-njy ýylyň ikinji ýarymynda Türkiýede ilçihana açar

Wenesuellanyň Prezidenti Nikolas Maduronyň kasam edişlik dabarasyna gatnaşmak üçin Wenesuella giden Wise-prezident Fuat Oktaý, iş saparynyň çäginde Boliwýanyň Prezidenti Ewo Morales Aýma bilen duşuşdy.

Duşuşykda Türkiýäniň geçen ýyl Boliwiýada ilçihana açmagynyň özara gatnaşyklaryň ösmegine itergi berendigi nygtaldy we Boliwiýanyň hem 2019-njy ýylyň ikinji ýarymynda Türkiýede ilçihana açmagy meselesinde ylalaşyk gazanyldy.

Duşuşykda şeýle hem Türkiýe bilen Boliwiýanyň arasyndaky bilelikdäki ykdysady komissiýasynyň maslahatynyň gysga wagtda geçirilmegi babatynda ylalaşyk gazanyldy we goranyş senagatynyň başda durmagynda birnäçe ugurda edilýän hyzmatdaşlygyň artdyrylmagynyň ähmiýeti nygtaldy.

Boliwýanyň Prezidenti Ewo Morales Aýma Fetullahçy terror guramasy FETÖ garşy Türkiýäniň alyp barýan göreşine doly goldaw berýändiklerini aýtdy.

 

 



Degişli Habarlar