Türk lider Amerikanyň we Britaniýanyň liderleri bilen duşuşdy

Erogan we Tramp maslahatyň çäginde ozal hem aýak üsti duşuşyk geçiripdiler

1098731
Türk lider Amerikanyň we Britaniýanyň liderleri bilen duşuşdy

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan Argentinadaky G20 Liderler maslahatynyň çäginde ABŞ-niň Prezidenti Donald Tramp bilen duşuşdy. 

Duşuşyk metbugata ýapyk häsýetde takmynan 50 minut dowam etdi.

Iki lideriň Siriýa krizisi bilen birlikde sebitleýin we halkara meseleleri ara alyp maslahatlaşandygy aýdylýar.

Erogan we Tramp maslahatyň çäginde ozal hem aýak üsti duşuşyk geçiripdiler. 

G20 Liderler maslahatynyň çäginde ikiçäk duşuşyklaryny dowam etdirýän Erdogan Britaniýanyň Premýer ministri Tereza Meýi hem kabul etdi.

40 minut dowam eden duşuşyga Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Gazna we Maliýe ministri Berat Albaýrak we Milli Goranmak ministri Hulusi Akar hem gatnaşdy.



Degişli Habarlar