"Türkiýe halkara meseleleriň çözülmegine goşant goşýar"

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Türkiýäniň halkara meseleleriň çözülmegine goşant goşýandygyny nygtady

1081679
"Türkiýe halkara meseleleriň çözülmegine goşant goşýar"

Çawuşogly Ýaponiýanyň paýtagty Tokioda “Türk daşary syýasaty we Ýakyn Gündogardaky aktual meseleler” temaly seminara gatnaşdy.

Türkiýäniň Ýakyn Gündogardaky meseleleriň parahatçylykly ýagdaýda çözülmegi üçin uly tagalla edýändigini aýdan Çawuşogly, sebitde ABŞ-nyň kabul eden kararlarynyň we Ysraýylyň hüjümlerini dowam etdirmeginiň ýagdaýy has-da çuňlaşdyrýandygyny gürrüň berdi.

Siriýa krizisiniň çözülmegi üçin Türkiýäniň tagalla edýändigini aýdan Daşary işler ministri Çawuşogly, Konstitutsiýa komissiýasynyň döredilmegi üçin hem beýleki aktýorlar bilen işleşýändigini aýratyn belledi.

Türkiýäniň bosgunlara gujak açmaga dowam edýändigini nygtan Çawuşogly, siriýaly bosgunlar üçin Türkiýäniň 33 milliard dollar sarp edendigini ýatlatdy.

 



Degişli Habarlar