TRT World halkara derejesinde ýakyndan tanalýar

Türkiýäniň Radio-telewideniýe guramasy TRT-niň Baş müdüri Ibrahim Eren “TRT World Forumyň” dünýäde başdan geçirilýän çaknyşyklaryň bes edilmegi üçin oňyn netije bermegini umyt edýändigini aýtdy

1061576
TRT World  halkara derejesinde ýakyndan tanalýar

Ibrahim Eren “Böleklere bölünen dünýäde parahatçylygy we howpsyzlygy ýaňadandan dikeltmek” temasy bilen Stambulda geçirilýän TRT World Forumyň açylyş dabarasynda eden çykyşynda, TRT hökmünde durmuşa geçiren esasy taslamalaryndan biri bolan TRT World Forumyň ikinjsini geçirmekden hoşaldyklaryny belledi.

Halkara derejesinde durnuksyzlygyň başdan geçirilýän döwründe kynçylyklary ara alyp maslahatlaşmagyň we çözgüt tapmagyň diýseň möhümdigini aýdan Eren, TRT World Forumynda ýaşaýan asyrymyzyň näbelliliklerine ünsi çekip geljegi ara alyp maslahatlaşandyklaryny ýatlatdy.

Müňlerçe adamyň ýogalmagyna sebäp bolan Siriýadaky we Ýemendäki ýaly içerki uruşlaryň bütindünýä ýaramaz täsirini ýetirmäge dowam edýändigini aýdan Eren “Şol söweşler sebäpli millionlarça adam diýseň agyr şertlerde başga ýurtlarda ýaşaýar. Olaryň bir bölegi Türkiýede ýaşaýan bosgunlar ýaly şansly däl” diýdi.

BMG tarapyndan etniki arassaçylyk hökmünde häsiýetlendirlen Rohingýa musulmanlaryna edilýän zulumyň dowam edýändigini aýdan Eren, palestinalylaryň durmuş şertleriniň hem gün saýyn agyrlaşýandygyny belledi.

TRT Worl Forumyň kynçylyklary ara alyp maslahatlaşmak we täze çözgüt tekliplerini hödürlemek maksady bilen geçirilýändigini aýdan Eren TRT-niň esasan TRT World, TRT Arap, TRT Kurdi, TRT Awaz ýaly kanallary bilen halkara derejesinde ýakyndan tanalýandygyny belledi.



Degişli Habarlar