Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisi 1-nji oktýabrda açylar

Mejlisiň 27-nji çagyrlyşynyň 2-nji kanun çykaryş ýyly 1-nji oktýabrda başlaýar

1059060
Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisi 1-nji oktýabrda açylar

Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň 27-nji çagyrlyşynyň 2-nji kanun çykaryş ýyly 1-nji oktýabrda başlaýar.

Mejlisiň kanun çykaryş ýylynyň başlamagy mynasibetli duşenbe güni sagat 13.00-da Atatürkiň TBMM-daki ýadigärliginiň öňünde dabara geçirler.

Mejlisiň täze kanun çykaryş ýylynyň ilkinji Baş Assambleýasy, TBMM-niň başlygy Binaly Ýyldyrymyň sagat 14.00-daky açylyş çykyşy bilen başlar.

Prezident R. T. Erdogan hem kanun çykaryş ýylynyň açylyş dabarasynda çykyş eder.

 

 

 



Degişli Habarlar