Türkiýe ABŞ-nyň 2 türk ministrine sanksiýa goýmak baradaky skandal kararyny protest etdi

Türk İçeri işler we Adalat ministrlerine sanksiýa goýmak barada karar kabul edendigini habar beren ABŞ-na ilki bilen Daşary işler ministrlinden reaksiýa bildirildi

1024309
Türkiýe ABŞ-nyň 2 türk ministrine sanksiýa goýmak baradaky skandal kararyny protest etdi

Ministrligiň Amerikan hökümetini skandal karary bes etmäge çagyrýan ýazmaça beýanatynda; “Haýsydyr bir maksada gulluk etmejek bu çemeleşmäniň garşylygy dessine görkeziler” diýilýär.

Beýanatda kararyň döwlet düşünjesine bap gelmeýşi ýaly adalat adalgasy bilen düşündirilip bilinmejekdigi nygtalýar.

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly hem; “ABŞ-nyň sanksiýa karary jogapsyz galmaz” diýdi.

ASEAN-yň maslahatyna gatnaşmak üçin Singapurda bolýan Çawuşogly Twitter arkaly beren beýanatynda; “Amerikan hökümeti hukuk bap gelmeýän talaplaryny şeýle ýollardan berjaý etdirip bilmejekdigini kabul etmän halatynda meseleler çözülmez” diýdi.

Ak Tamyň metbugat sekretary Sarah Sanders Türkiýede tussaglykda saklanýan amerikaly ruhany Andrew Brunsyň öý tussaglygyna alynmagy sebäpli Türkiýäniň İçeri işler we Adalat ministrlerine sanksiýa goýjakdyklaryny beýan edipdi.

Sanders Brunsonyň 2016-njy ýylda tussag edilip, geçen aý öý tussaglygyna alynmagynyň “kabul edilmesiz” bolandygyny öňe sürüpdi.

Terror guramalary FETÖ/PDÝ we PKK üçin jenaýat edendigi, içalylyk edendigi günäkärlemesi bilen 35 ýyl azatlykdan mahrum edilmek islenýän ruhany Brunson, tussaglygynyň “saglyk ýagdaýy” sebäpli öý tussaglygyna öwrülmeginden soň elektroniki gandal bilen öýünde berk gözegçilik astynda saklanýar.



Degişli Habarlar