Türk firmasy Sudanda altyn gözlär

Sudanyň altyn önümçiligi geçen ýyl 105 tonna barabar boldy

1023978
Türk firmasy Sudanda altyn gözlär

Sudanyň Maliýe ministrliginden berlen beýanatda, türk Denizli firmasynyň Sudanda altyn gözleg işlerini geçirmegi üçin sudanly “Bussinnes Haidar Mining” firmasy bilen şäriklik şertnamasyny baglaşandygy ýatladyldy.

Denizli firmasynyň Baş müdüri Şahin Tin hem ministrlikde beren beýanatynda önümçilik etabynyň depginini güýçlendirmek isleýändiklerini nygtady.

Sudanyň altyn önümçiligi geçen ýyl 105 tonna barabar boldy.

Üstümizdäki ýylyň birinji ýarymynda bolsa şol san 63,3 tonna çenli baryp ýetdi.

 

 

 


Etiketkalar: #Sudan , #altyn , #türk , #firma

Degişli Habarlar