Prezident Erdogan Siriýa bilen baglanşykly beýanat berdi

Rejep Taýýip Erdogan Siriýadaky hadysalaryň meýilleşdirilişi ýaly dowam etmeýändigini belledi

1019174
Prezident Erdogan Siriýa bilen baglanşykly beýanat berdi

Prezident Erdogan BRIKS maslahaty üçin Günorta Afrika Respbulikasyna gitmeden ozal, ýurdyň paýtagty Ankaranyň Esenboga howa menzilinde beýanat berip, metbugat işgärleriniň soraglaryna jogap berdi.

Maslahatda Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin bilen Siriýa krizisini ele aljakdygyny aýdan Erdogan: “Häzirki wagtda Siriýadaky hadysalar hem Tel Ryfatda bolsun, hem-de Manbijde bolsun meýilleşdirilişi ýaly dowam etmeýär. Meýilleşdirilişi ýaly dowam edýän ýerler Afrin, Jerablus, El Babdyr. Tel Ryfat we Manbij babatynda käbir gepleşikler geçirdik. Ol ýerler bilen baglanşykly meseleleri başyndan soňuna çenli ähli zady maslahatlaşarys. Idlib meselesi bar, ony hem ýaňadandan ara alyp maslahatlaşarys. Ol ýerlerde hem islendik pursat, islendik zat bolup biler” diýdi.



Degişli Habarlar