Terrora garşy göreş giň germli dowam edýär

Yragyň demirgazygyndaky Hakurk, Sinath-Haftanin, Zap we Metina sebitlerine guralan howa hüjümlerinde terrora guramasyna degişli 12 ýer ýok edildi

946869
Terrora garşy göreş giň germli dowam edýär

Türkiýäniň Ýaragly güýçleri tarapyndan berilen beýanata görä Yragyň demirgazygyndaky Hakurk, Sinath-Haftanin, Zap we Metina sebitlerinde Türkiýäniň serhet birikmelerine hüjüm guramag üçin taýarlyk görýändigi anyklanan ekstremist terror guramasy PKK-a agza terrorçylara garşy howa hüjümi guraldy.

Howa hüjümlerinde gaçybatalga, gowak we ýarag liniýasy hökmünde ulanylan 12 aýry ýer ýok edildi.

Beýleki tarapdan Diýarbakyr welaýatynda terror guramasy PKK-a garşy 4-nji aprelde başladylan we düýn tamamlanan operasiýada arasynda terror sanawynda ady bolan Ýaşyl kategoriýadaky terrorçy bilen birlikde jemi 2 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Operasiýada terrorçylar tarapyndan ulanylan 7 gowak we 8 gaçybatalga bilen 3 sany partlaýjy madda ýok edildi.

Gaçybatalgada we meýdanda gömülen ýagdaýda M-16 tüpeňi, 3 sany kalaşnikow tüpeňi, 356 sany feýrwerk, 2 sany granat bilen gurama degişli köp sanda resminama ele salyndy.

Diýarbakyryň Lije etrabyndaky operasiýada hem 4 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Gözleg işlerinde tapylan elde ýasalan partlaýjy ýok edildi.

Şyrnak welaýatyndaky operasiýada bolsa terrorçylar tarapyndan ulanylandygy anyklanan 8 gowakda 2 mina, 9 sany partlaýjy we köp mukdarda enjam ele salyndy.


Etiketkalar: #operasiýa , #PKK , #Yrak

Degişli Habarlar