Prezident Erdogan Fransiýanyň Prezidenti Makron bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Erdogan Afrin meselesinde berlen asylsyz beýanatlaryň özlerini biynjalyk edendigini aýtdy

936488
Prezident Erdogan Fransiýanyň Prezidenti  Makron bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Prezident R. T. Erdogan Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Prezident Erdogan Makron bilen geçiren telefon söhbetdeşliginde Afrin meselesinde berlen asylsyz beýanatlaryň özlerini biynjalyk edendigini aýtdy.

Mesele hakynda berlen beýanata görä, düýn agşam geçirlen telefon söhbetdeşliginde özara gatnaşyklar bilen birlikde sebitara meseleler seljerildi.

Prezident Erdogan telefon söhbetdeşliginde fransuz kärdeşi Makrona Fransiýanyň günortasynda başdan geçirlen we adam pidalaryna sebäp bolan zamun alynşyk wakasy zerarly gynanç bildirdi.

Prezident Erdogan Siriýa meselesine hem garalan telefon söhbetdeşliginde Türkiýäniň milli howpsyzlygyna abanýan howplary ortadan aýyrmak baradaky maksatnamanyň çäginde Afrini terrorçylardan saplandyklaryny we Afrinde asuda ilatyň howpsyzlygynyň üpjün edilendigini belledi.

Erdogan bilen Makron duşenbe güni Warnada geçiriljek Türkiýe-ÝB maslahaty hakynda hem pikir alyşdy.

Prezident ErdoganTürkiýe hökmünde ÝB bilen edilýän gatnaşyklara we agzalyk etabynyň ýaňadandan janlandyrylmagyna uly ähmiýet berýändiklerini nygtady.

 



Degişli Habarlar