Premýer ministr Ýyldyrym milli ýaraglar bilen bagly beýanat berdi

Binali Ýyldyrym milli ýaraglaryň we uçarmansyz howa ulaglarynyň Afrinde alynyp barylýan operasiýa uly goşant goşandygyny belledi

935527
Premýer ministr Ýyldyrym milli ýaraglar bilen bagly beýanat berdi

Ýyldyrym Ankarada EÝDEP taslamasynyň tanyşdyrylyş çäresinde çykyş etdi.

Çykyşynda goranyş senagatynda ýetilen sepgidiň üstünde durup geçen Binali Ýyldyrym: “Goranyş senagatynda öňümizde 60 milliard dollarlyk iş gabaramyz bar. 600-den gowrak taslamamyz bar. 10 ýylyň dowamynda bu taslamalarymyzy durmuşa geçireris” diýdi.

Goranyş senagatynda ýerli önümçiligiň möhümdigini aýdan Binali Ýyldyrym Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň Siriýanyň Afrin sebitinde ekstremist terror guramasy PKK/KCK/PÝD-ÝPG we DAIŞ-e agza terrorçylary täsirsiz ýagdaýa getirmek, sebitiň dost we dogan halkyny basyşdan we zulumdan halas etmek maksady bilen 20-nji ýanwarda başladan Zeýtun şahajygy operasiýasynyň çäginde ýerli ýaraglar bilen terrorçylara garşy üstünlikli ulanylandygyny beýan etdi.

Ýerli önümçilik bolan ýaraglaryň we uçarmansyz howa ulaglarynyň operasiýanyň ykbalyny kesgitländigini aýdan Ýyldyrym terrorçylary daşary güýçler tarapyndan alan ýaraglarynyň, milli ýaraglaryň öňünde durup bilmändigini belledi.



Degişli Habarlar