“Gysga wagtda Afrine girendigimizi buşlarys”

Prezident Erdogan Mardinde Adalat we ösüş partiýasynyň Mardin welaýatyndaky maslahatyna gatnaşdy

931836
“Gysga wagtda Afrine girendigimizi buşlarys”

Prezident Erdogan Mardinde Adalat we ösüş partiýasynyň Mardin welaýatyndaky maslahatyna gatnaşdy.

Prezident Erdogan maslahatyň öňüsyrasynda halka ýüzlenip eden çykyşynda “Gysga wagtda Afrine girendigimizi buşlarys” diýdi.

Prezident R. T. Erdogan Türk ýaragly güýçleriniň Siriýanyň demirgazygynda geçirýän Zeýtun şahajygy operasiýasynyda esgerleriň Afriniň etrap merkezine tarap barýandygyny aýtdy.

Prezident Erdogan 20-njy ýanwarda başladylan Zeýtun şahajygy operasiýasynyň çäginde häzire çenli 3569 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirlendigini belledi.

Afrinde terrorçylaryň açan tunelleri barada durup geçen Erdogan şol tuneleriň Günbatarly dostlarynyň beren goldawlary bilen açylandygyny nygtady.

Şol tunellere uly ýük ulaglary bilen girmegiň mümkindigini bellän Erdogan, ýarag ammarlarynda Türkiýä dost görünýän ýurtlaryň terrorçylara beren ýaraglarynyň bardygyny ýatlatdy.

 

 



Degişli Habarlar