Bütindünýä Pediatriýa Guramasy Prezident Erdogana “Halkara Parahatçylyk Baýragyny” berer

Bütindünýä Pediatriýa Guramasy Erdogany şol baýraga bosgun çagalara berilýän goldaw mynasybetli laýyk gördi

927607
Bütindünýä Pediatriýa Guramasy Prezident Erdogana “Halkara Parahatçylyk Baýragyny” berer

Bütindünýä Pediatriýa Guramasyndan berilen beýannama görä guramanyň Halkara gatnaşyklar müdiri Keren Hasanoglunyň çakylygyna laýyklykda Türkiýä gelen resmiler bosgun çagalar boýunça alynyp barylýan işler bilen ýerinde tanyşmaga pursat tapdyrlar.

Guramanyň ýolbaşçylarynyň sapardan soň Türkiýe barada kabul eden kararyny beýan eden Kerem Hasanoglu, guramanyň dolanşygynyň Prezident Erdogana bosgun çagalara üçin alyp baran işleri mynasybetli “Halkara Parahatçylyk Baýragyny” bermek barada karar kabul edendigini aýtdy.

Hasanoglu Erdoganyň ýolbaşçylygynda köp sanly çaganyň ýaşama hukugyna eýe bolmagynyň Guramanyň başlygynda we ýolbaşçylarynda uly täsir galdyrandygyny nygtap; “Çünki köp sanly ýurduň ünssiz çemeleşen meselesinde Türkiýe 1,5 milliondan gowrak bäbege we çaga gapylaryny açyp, olary kabul etdi, ölmeklerine ýol bermnedi. Dünýäde köp sanly ýurt muny görmediksireýän bolsa, Hormatly Erdoganyň öňbaşçylygyndaky Türkiýe şol bigünä bäbekleriň, çagalaryň ýaşamaklaryny üpjün etdi. Bu ünsden düşürilmeli däl. Gurama bütindünýä çagalarynyň ýaşaýyş hukugyna goşan goşandy mynasybetli Hormatly Erdogana “Halkara Parahatçylyk Baýragynyň” berilmegi barada karara geldi we karar baradaky maglumat degişli ministrliklere ýetirildi. Hormatly Erdogana dünýäniň iň esasy çaga saglygy guramasynyň adyndan çagalaryň ýaşaýyş hukugy ugrunda eden uly tagallasy üçin sagbolsun aýdýarys” diýdi.

Bütindünýä Pediatriýa Guramasyna 1 milliondan gowrak çaga lukmany agza. Gurama 140 ýurtda işjeň tagalla edýär.



Degişli Habarlar